Şu ýylyň 13-14-nji ýanwarynda Çehiýada Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry geçiriler. Ses berişligiň senesi geçen ýylyň iýun aýynda Senatyň başlygy (mejlisiň ýokarky palatasy) Milos Wystrçil tarapyndan mälim edilipdi. Birinji tapgyrda döwlet Baştutany saýlanmadyk halatynda, saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň 27-28-nji ýanwarda geçiriljekdigi habar berlipdi.

Mundan ozal prezidentlik ugrunda bäsleşmek isleýän birnäçe çeh raýatlarynyň saýlaw kampaniýasyna girişendigi tassyklanypdy. Geçen ýylyň noýabrynda ýurduň Içeri işler ministrligi hasaba alyş netijelerini yglan etdi. Arza beren 21 dalaşgäriň diňe 9-sy saýlaw üçin hasaba alyndy. Birinji tapgyrda dalaşgärleriň hiç birisi 50%-den köp ses alyp bilmese, saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler. Şunuň ýaly ýagdaýlarda saýlawçylardan has köp goldaw alan iki dalaşgär ikinji tapgyra çykar. Häzirki döwlet Baştutany Miloş Zemanyň ikinji bäş ýyllyk prezidentlik möhleti şu ýylyň 8-nji martynda tamamlanýar. Miloş Zemanyň ýurtda hereket edýän kanunlara laýyklykda, gaýtadan saýlanmaga mümkinçiligi ýok.

Çehiýa parlament respublikasydyr. Döwlet baştutany, saýlawlarda ses bermek arkaly saýlanýar. Oňa konstitusion kazyýetiň kazylaryny teklip etmek, käbir şertlerde parlamenti ýatyrmak, kanunlara weto bermek ýaly aýratyn ygtyýarlyklar berilýär. Şeýle hem, içerki we daşary syýasatyň ugruny kesgitleýän Çehiýa hökümetiniň başlygyny (Premýer-ministr), şeýle-de, Premýer-ministriň teklibi boýunça hökümetiň beýleki agzalaryny belleýär. Häzirki wagtda Merkezi Ýewropada ýerleşýän bu ýurtda 10,5 million töweregi ilat ýaşaýar. Häzirki Çehiýa 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Garaşsyzlygyna eýe boldy.