Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň täze tälimçisi belli boldy. Federasiýa tarapyndan berlen habarda Fernando Santoşyň ornuna ispaniýaly Roberto Martines Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiligine bellendi. 49 ýaşyndaky hünärmen mundan öň 6 ýyllap Belgiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolupdy. Ol Dünýä Kubogyndan soň Belgiýanyň ýygyndysyndaky wezipesini taşlapdy. “Swansi” (2007-2009), “Wigan” (2009-2013) hem-de “Ewerton” (2013-2016) klublaryna tälim beren Martines Belgiýanyň ýygyndysynda ortaça 2,29 utuk gazanypdy. Portugaliýanyň ýygyndysy Katar 2022 Dünýä Kubogynda çärýek finalda Marokkodan asgyn gelipdi. Belgiýanyň ýygyndysyna 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen Dünýä Kubogynda bürünç medal gazandyran Martines “Wigan” kluby bilen FA Kubogyny eýeläpdi. Martinesiň näçe ýyllyk şertnama baglaşandygy barada häzirlikçe maglumat berilmedi.