Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropanyň “Copernicus” gullugynyň alymlary tarapyndan taýýarlanan howa baradaky täze ýyllyk synda gözegçilikleriň bütin dowamynda soňky sekiz ýylyň iň yssy ýyl bolandygy bellenilýär.
Bilermenler Ýer togalagynyň belli bir derejede maýlamagyny dowam etdirýändigini we howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyny tizleşdirýän ýyladyşhana gazlarynyň howadaky toplanmasynyň henizem artýandygyny duýdurdylar. Alymlar häzirki wagtda howanyň düzümindäki dioksid uglerodynyň mukdarynyň öz kadasyndan ýokarydygyny belleýärler.
-Geçen 2022-nji ýylda Ýewropada we bütin dünýäde yssy ýyllaryň biri boldy. Indi biz global derejedäki ýylylygyň täsirini duýýarys – diýip, “Copernicus” gullugynyň ýolbaşçylarynyň biri Samantha Berjes aýtdy. Şeýle hem, Berjes howa goýberilýän zyýanly gazlary azaltmazdan we üýtgeýän howada ýaşaýşa tiz uýgunlaşmazdan dünýä ilatynyň maýlamanyň täsirlerinden gaça durup bilmejekdigine ünsi çekdi.