Saud Arabystany Patyşalygy üstümizdäki ýylda haj parzyny ýerine ýetirmek isleýän zyýaratçylar üçin pandemiýa döwründe girizilen çäklendirmeleri ýatyrdy. Soňky 3 ýylyň dowamynda Saud Arabystany haj zyýaratçylary üçin çäklendirmeler girizip, zyýaratçylaryň sanyny ep-esli azaldypdy.

 Saud Arabystanynyň habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, ýurduň haj we umra boýunça ministri Taufik Al-Rabiýa koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleriň aradan aýrylandygyny mälim etdi.

Ministriň sözlerine görä,  Saud Arabystany bu ugurda hyzmatlary berjaý edýän islendik ygtyýarly kompaniýalar bilen haj zyýaraty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyklary baglaşylyp biler.

Ozal habar berlişi ýaly 2019-njy ýylda 2,6 million adam haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna bardy. 2020-nji we 2021-nji ýyllarda daşary ýurtlardan haj zyýaratçylary kabul edilmedi.

2022-nji ýylda bolsa, zyýaratçy sany çäklendirilip, 1 million adama haj parzyny berjaý etmäge mümkinçilik döredildi. Ýöne, zyýaratçylarda ýaş çäklendirme göz öňünde tutulyp, doly sanjym alan hem-de hiç hili dowamly keseli bolmadyk 18-den 65 ýaş aralygyndaky zyýaratçylar kabul edildi.