Kino sungatynyň iň abraýly baýraklaryndan, Oskaryň buşlukçysy hasaplanýan “Altyn globus” baýraklary öz mynasyplaryna gowşuryldy. Golliwuddaky daşary ýurtly žurnalistler bileleşigi (HFPA) tarapyndan berilýän “Altyn globus” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy 80-nji gezek geçirildi. Kaliforniýadaky “The Beverly Hilton” myhmanhanasynda geçirilen dabarany ýaş komediýaçy Jerod Karmaýkl alyp bardy. Dabara kino sungatynyň görnükli wekilleriniň gyzyl halydan geçişligi bilen başlandy.
80-nji “Altyn globus” baýraklarynda iň gowy drama filmi diýlip, ussat režissýor Stiwen Spilbergiň awtobiografiýasy baradaky “Fabelmanlar” kinosy saýlandy. Film “Awatar: suwuň ýoly”, “Elwis”, “Tar”, “Top Gan: Mawerik” ýaly kinolardan öňe saýlanmagy başardy. Iň gowy mýuzikal ýa-da komediýa film baýragyna-da ýylyň köp baýrakly kinolaryndan “Inişeriniň perisi” mynasyp boldy. “Fabelmanlar” kinosy Stiwen Spilberge iň gowy režissýor, “Inişeriniň perisi” filmi-de ssenariçisi Martin MakDonaha (şol bir wagtyň özünde režissýory) iň gowy ssenariý baýraklaryny hem gazandyrdy.
Aktýorçylyk ugurlary boýunça drama filmleriniň iň gowy aktýory “Elwis” filmindäki keşbi üçin Ostin Batler saýlandy. Drama filmleriniň iň gowy aktrisasy hökmünde-de “Tar” filminde meşhur kompozitoryň Lidia Taryň keşbini ýerine ýetiren oskarly Keýt Blanşett ykrar edildi. Mýuzikal ýa-da komediýa filmleri boýunça «Inişeriniň perisi» filmindäki keşbi üçin Kolin Farrell bilen «Hemme zat hemme ýerde we birbada» filmindäki keşbi üçin Mişell Ýeo degişlilikde, iň gowy aktýor we aktrisa diýlip saýlandy. Ikinji plandaky iň gowy aktýor we aktrisa baýraklaryna-da degişlilikde, Jonatan Ke Kuan («Hemme zat hemme ýerde we birbada») bilen Anjela Bassett («Gara Pantera: Wakanda hemişelik») laýyk görüldi. Anjela Bassettiň almagy köpler üçin garaşylmadyk waka bolup, ol umumylykda 2-nji “Altyn globus” heýkeljigini gazandy. Galyberse-de, 64 ýaşyndaky Bassett “Marvel”-iň kinolary boýunça aktýorçylyk ugrundan abraýly baýraklaryň birini gazanan ilkinji artist boldy.
Iň gowy saz baýragyna “Wawilon” kinosynda ýaňlanýan sazlary döreden Jastin Hurwits laýyk görlüp, ol 4-nji “Altyn globus” heýkeljigini asmana göterdi. Hindistanyň telegu dilinde surata düşürilen “RRR” filminde ýerine ýetirilen “Naatu Naatu” atly aýdym iň gowy aýdym diýlip saýlandy. Leýdi Gaga, Rihanna ýaly aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdymlaryndan öňe saýlanmagy köpler üçin garaşylmadyk waka boldy. Edil şonuň ýaly, “Argentina, 1985” atly argentin filmiň hem iňlis dilinde bolmadyk iň gowy film baýragyny gazanmagyna garaşylanokdy. “Gillermo del Toronyň Buratinosy” atly multfilm hem iň gowy animasiýa diýlip saýlandy.
Serialdyr telefilmleriň arasynda-da tapawutlananlary sylaglandyrýan “Altyn globus” baýraklarynda bu ugurda-da ýeňijiler mälim edildi. Iň gowy drama serialy baýragyna “Tagt oýunlary” serialynyň ýanamasy bolan “Aždarhanyň öýi” serialy mynasyp boldy. “Abbott başlangyç mekdebi” atly ekran eseri bolsa iň gowy mýuzikal ýa-da komediýa ugry boýunça “Altyn globusa” laýyk görüldi. Serialda baş keşbi ýerine ýetirýän Kinta Brunson iň gowy aktrisa, şeýle-de Taýler Jeýms Williams ikinji plandaky iň gowy aktýor baýragy bilen sylaglandy. “Ak Lotus” atly ekran eseri iň gowy gysga göwrümli serial ýa-da telefilm baýragyny eýeledi. Bu serialda surata düşen Jennifer Kulij ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýragyna mynasyp boldy.
Drama görnüşli seriallaryň iň gowy aktýory diýlip, Adam Skott hem-de Bob Odenkirk ýaly esasy dalaşgärlery yzda galdyran Kewin Kostner (“Ýellowstoun”) saýlandy. “Eýforiýa” serialyndaky keşbin üçine Zendeýa iň gowy aktrisa baýragyny eýelemegi başardy. Dabarada mýuzikal ýa-da komediýa seriallarynyň iň gowy aktýory diýlip, “Aýy” serialyndaky keşbi üçin Jeremi Allen Waýt sylaglandy. “Damer- nägehan: Jeremi Dammeriň hekaýasy” atly serialda baş keşbi ýerine ýetirýän Ewan Peters bilen “Çykyp gitmek” serialynyň ýyldyzy Amanda Saýfred gysga göwrümli serial ýa-da telefilmleriň degişlilikde iň gowy aktýory we aktrisasy diýlip saýlandy. Kem-kemden şöhraty beýgelýän Julia Garner “Ozark” serialyndaky keşbi üçin mýuzikal-komediýa, drama ugry boýunça ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýragyny eýeledi. Sesill de Milliň adyny göterýän hormat sylagy bu ýyl ussat aktýor Eddi Mörfä berildi.
80-nji «Altyn globus» baýraklarynyň ýeňijileri:
Iň gowy drama filmi: «Fabelmanlar» (The Fabelmans)
Iň gowy mýuzikal ýa-da komediýa filmi: «Inişeriniň perisi» (The Banshees of Inisherin)
Iň gowy aktýor (drama): Ostin Batler – «Elwis» (Elvis)
Iň gowy aktrisa (drama): Keýt Blanşett – «Tar» (Tar)
Iň gowy aktýor (mýuzikal ýa-da komediýa): Kolin Farrell – «Inişeriniň perisi» (The Banshees of Inisherin)
Iň gowy aktrisa (mýuzikal ýa-da komediýa): Mişell Ýeo – «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once)
Iň gowy režissýor: Stiwen Spilberg – «Fabelmanlar» (The Fabelmans)
Iň gowy ssenariý: Martin MakDonah – «Inişeriniň perisi» (The Banshees of Inisherin)
Ikinji plandaky iň gowy aktýor: Jonatan Ke Kuan – «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once)
Ikinji plandaky iň gowy aktrisa: Anjela Bassett – «Gara Pantera: Wakanda hemişelik» (Black Panther: Wakanda Forever)
Iň gowy saz: Jastin Hurwits – «Wawilon» (Babylon)
Iň gowy aýdym: «Naatu Naatu» (M. M. Keerawani, Çandrabose) – RRR (RRR)
Iň gowy animasiýa: «Gillermo del Toronyň Buratinosy» (Guillermo del Toro’s Pinocchio)
Iňlis dilinde bolmadyk iň gowy film: «Argentina, 1985» (Argentina, 1985) – Argentina
Iň gowy drama serialy: «Aždarhanyň öýi» (House of Dragon)
Iň gowy mýuzikal ýa-da komediýa serialy: «Abbott başlangyç mekdebi» (Abbott Elementary)
Iň gowy gysga göwrümli serial ýa-da telefilm: «Ak Lotus» (The White Lotus)
Iň gowy aktýor (drama): Kewin Kostner – «Ýellowstoun» (Yellowstone)
Iň gowy aktrisa (drama): Zendeýa – «Eýforiýa» (Euphoria)
Iň gowy aktýor (mýuzikal ýa-da komediýa): Jeremi Allen Waýt – «Aýy» (The Bear)
Iň gowy aktrisa (mýuzikal ýa-da komediýa): Kinta Brunson – «Abbott başlangyç mekdebi» (Abbott Elementary)
Iň gowy aktýor (gysga göwrümli serial ýa-da telefilm): Ewan Peters – «Damer – nägehan: Jeremi Dammeriň hekaýasy» (Dahmer – Monster: The Jeffrey Dahmer Story)
Iň gowy aktrisa (gysga göwrümli serial ýa-da telefilm): Amanda Saýfred – «Çykyp gitmek» (The Dropout)
Ikinji plandaky iň gowy aktýor (mýuzikal ýa-da komediýa, drama): Taýler Jeýms Williams – «Abbott başlangyç mekdebi» (Abbott Elementary)
Ikinji plandaky iň gowy aktrisa (mýuzikal ýa-da komediýa, drama): Julia Garner – «Ozark» (Ozark)
Ikinji plandaky iň gowy aktýor (gysga göwrümli serial ýa-da telefilm): Pol Wolter Hauzer – «Gara guş» (Black Bird)
Ikinji plandaky iň gowy aktrisa (gysga göwrümli serial ýa-da telefilm): Jennifer Kulij – «Ak Lotus» (The White Lotus)