Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da dür­li nä­hoş­luk­la­ryň we ru­hy has­sa­lyk­la­ryň öňü­ni al­mak­da bag­ban­çy­ly­gyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Çün­ki bag­ban­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýan­lar köp he­re­ket ed­ýär­ler. Bu ýag­daý öz ge­ze­gin­de, düw­nük ke­se­li­niň we dür­li hro­ni­ki ke­sel­le­riň dö­re­mek how­pu­ny azald­ýan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. «Sy­na­ga gat­na­şan­lar stres we ala­da de­re­je­le­ri­niň ep-es­li aza­lan­dy­gy­ny bel­le­di­ler» di­ýip, ABŞ-nyň Ko­lo­ra­do uni­wer­si­te­ti­niň bi­ler­men­le­ri bel­le­ýärler. Bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri «Lancet Pla­ne­ta­ry Health» žur­na­lyn­da çap edil­di.
– Bu ne­ti­je­ler bag­ban­çy­ly­gyň düw­nük ke­se­li­niň, bir­syh­ly kö­ne ke­sel­le­riň we ru­hy taý­dan bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­mak­da mö­hüm rol oý­nap bil­jek­di­gi­ni anyk su­but ed­ýär – di­ýip, Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­ti­niň daş­ky gur­şa­wy öw­re­niş ka­fed­ra­sy­nyň pro­fes­so­ry Jill Litt bel­le­ýär. Ol öz iş tej­ri­be­si­niň köp bö­le­gi­ni, ila­tyň ara­syn­da ke­sel­le­riň ýü­ze çyk­mak how­pu­ny azalt­ma­gyň el­ýe­ter­li we dur­nuk­ly usul­la­ry­ny göz­le­mä­ge ba­gyş­lap­dyr.
– Bag­ban­çy­ly­gyň bi­rek-bi­rek bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de-de tä­si­ri ulu­dyr. Ba­gy­ňy­za gi­re­ni­ňiz­de mel­le­gin­de iş­läp ýö­ren goň­şy­ňyz bi­len ekin-ti­kin iş­le­ri ba­ra­da mas­la­hat­laş­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­ýär. Bu ýag­daý bol­sa, goň­şu­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Mel­lek­de di­ňe bir mi­we­dir gök önüm­le­ri ýe­tiş­dir­mek ba­ra­da ala­da edil­män, eý­sem, beý­le­ki­ler bi­len aras­sa ho­wa­ly te­bi­gat­da tej­ri­be alyş­ma­ga hem müm­kin­çi­lik dö­re­ýär – di­ýip, Litt sö­zü­ni jem­le­ýär.

Arzygül BALLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň magistranty.