Gün panelini we şoňa degişli beýleki tehnologiýalary öndürýän Hytaýyň “JA Solar” kompaniýasy ABŞ-da ilkinji zawodyny açar. Merkezi edarasy Pekinde ýerleşýän kompaniýa Gün panellerini öndürmekde dünýäde dördünji orunda ýerleşýär. Hytaý kompaniýasy täze taslamasy üçin 60 million dollarlyk maýa goýum özleşdirer. Arizona ştatynyň söwda palatasy bu desganyň ýylyň dördünji çärýeginde ulanylmagyna beriljekdigini we täze zawodda 600-den gowrak iş ornunyň boljakdygyny habar berýär. “JA Solar” täjirçilik maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň üçekleri, şeýle hem Gün elektrik beketleri üçin niýetlenen ýokary öndürijilikli Gün panellerini öndürýär. Täze zawoddaky önümçiligiň ýokary derejede awtomatlaşdyrylan gurnama konweýerleriniň oturdyljakdygy mälim edildi. Bu zawod doly işe başlansoň, ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 gigawat (GW) bolan Gün panellerini öndürer.
Arslan Nurberdiýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.