“Eco Wave Po­wer” kom­pa­ni­ýa­la­ry ABŞ-nyň Los-An­je­les şä­he­rin­de tol­kun­dan ener­gi­ýa ön­dür­ýän tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär. Tol­kun­dan ener­gi­ýa ön­dür­mek teh­no­lo­gi­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň köp ýe­rin­de peý­da­la­nyl­ýar. Şeý­le-de bol­sa, bu teh­no­lo­gi­ýa en­tä­gem kä­mil­leş­di­ril­mä­ge ze­rur­lyk duý­ýar. Hä­zir­ki wagt­da giň­den ös­dü­ril­ýän bu usul ar­ka­ly o di­ýen köp ener­gi­ýa ön­dü­ril­me­ýär. “Eco Wave Po­wer” kom­pa­ni­ýa­sy Los-An­je­les por­tun­da or­naş­dy­ryl­jak en­jam­la­ry bir ýyl­dan gow­rak wag­tyň do­wa­myn­da ön­dü­rip­dir. Kom­pa­ni­ýa ke­nar­ýa­ka­da­ky tä­sin ener­gi­ýa des­ga­sy üçin ge­rek­li ab­zal­la­ry da­şa­ma­gyň we gur­na­ma­gyň aň­sat­dy­gy­ny bel­le­ýär. Bu ýer­de or­naş­dy­ryl­jak teh­no­lo­gi­ýa ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Des­ga tol­kun­la­ryň te­bi­gy ýag­daý­da ýo­ka­ry gö­te­ril­me­gi we aşak­la­ma­ga ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýän suw he­re­ke­ti ar­ka­ly ener­gi­ýa ön­dür­ýär. Eme­le ge­len ba­syş ge­ne­ra­to­ry aý­la­ýan gid­raw­lik he­re­ket­len­di­ri­ji­ni aý­la­ýar, ön­dü­ri­len elekt­rik ener­gi­ýa­sy in­wer­tor ar­ka­ly to­ra ge­çi­ril­ýär. Tol­ku­nyň ýo­ka­ry gal­ma­gy ne­ti­je­sin­de al­nyp, ge­ne­ra­to­ry aý­la­mak üçin bir ge­zek peý­da­la­ny­lan suw gaý­ta­dan çe­le­ge gu­ýul­ýar we ýö­ri­te na­sos­lar ar­ka­ly gaý­ta­dan bir­nä­çe ge­zek ula­nyl­ýar, ne­ti­je­de ýa­pyk aý­law ul­ga­my dö­re­ýär. Tol­kun­dan ener­gi­ýa al­ýan be­ket tu­tuş­ly­gy­na aw­to­mat­laş­dy­ryş ul­gam bi­len üp­jün edi­lip, aň­sat­lyk bi­len do­lan­dy­ryl­ýar we gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­ýar.
“Eco Wave Po­wer” kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-dan baş­ga-da, Is­pa­ni­ýa­da, Tür­ki­ýe­de, Por­tu­ga­li­ýa­da we beý­le­ki ýer­ler­de de­ňiz tol­ku­nun­dan ener­gi­ýa ön­dür­ýän tas­la­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýar. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň tol­kun­dan ener­gi­ýa al­ýan önüm­çi­lik des­ga­la­ry Ys­ra­ýyl­da we Gib­ral­tar­da he­re­ket ed­ýär.

Ça­ry Mül­ki­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.