Azerbaýjanyň nebit önümçiliginiň geçen ýyl jemi 32 million 600 müň tonna ýetendigi habar berildi. Tebigy gaz önümçiligi bolsa, 6,5 göterim artyp, 46,7 milliard kub metr bolupdyr.
Ýurduň energetika ministri Perwiz Şahbazow 2022-nji ýylda ýurduň nebit eksportynyň 26,3 million tonna bolandygyny mälim etdi. Ministriň sözlerine görä, tebigy gazyň 47,7 göterimi bolan 22,3 milliard kub metri eksport edilipdir. Şahbazow degişli döwürde Ýewropa ýurtlaryna 11,4 milliard kub metr gaz iberilendigini belledi.