Global ýaşyl energiýa önümçiligi bilen meşgullanýan “Fortescue” kompaniýasy iri ýük ulaglaryny öndürýän “Liebherr” bilen bilelikde ýük göterijiligi 240 tonna bolan ulagy öndürdi. Magdan känlerinde peýdalanmaga niýetlenen ýük ulag elektrik energiýasy bilen işläp, kuwwaty 1,4 megawat/sagat (MWt) bolan batareýa bilen üpjün edilipdir. Merkezi edarasy Angliýada ýerleşýän “WAE Technologies” inženerçilik kompaniýasy 2022-nji ýylyň mart aýynda “Fortescue” tarapyndan satyn alyndy. Apet ulagyň Günbatar Awstraliýanyň Pilbara şäherindäki ýerasty magdanlaryň çykarylýan şahtasynda ulanyljakdygy mälim edildi.
Ýük ulagynyň batareýasyna 30 minutda zarýad berip bolýar. Şeýle hem bu ulag regeneratiw häsiýetli, ýagny depeden aşak sürlende, hiç hili energiýa sarp etmän, üstesine tigriniň aýlanmagy netijesinde elektrik energiýasyny öndürip, batareýasyny kuwwatlandyrýar. Häzirki wagtda magdan känlerinde peýdalanylýan iri ýük ulaglary dizel ýangyjy bilen işleýär. Bilermenler regeneratiw aýratynlygy bolan elektrik ýük ulaglarynyň ýaýbaňlanmagy bilen köp mukdarda adaty ýangyjyň sarp edilmeginiň öňüniň alynjakdygyny belleýärler. Hatda bu ulaglary ulanylýan ýerine görä hiç hili zarýad bermäge hem zerurlyk duýulmaýar. Sebäbi, dag-magdan işlerinde peýdalanylanda ulag depä boş, aşaklygyna ýükli gaýdýar. Boş ulagyň sürülmegi üçin has az energiýa sarp edulýän bolsa, üsti ýükli agyr ulag has köp energiýa öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, daşky gurşawy arassa saklamak babatda soňky ýyllarda alnyp barylýan taslamalara has köp goşant goşar.
Arslan Garaÿew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.