Soň­ky wagt­da daş­ky gur­şa­wy we ho­wa­ny aras­sa sak­la­mak ba­ra­da­ky tas­la­ma­lar has köp dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Di­ňe ener­gi­ýa­ny tyg­şyt­la­ýan, aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni ön­dür­mä­ge de­giş­li däl, eý­sem, ho­wa­da­ky ha­pa gaz­la­ry tut­ýan tas­la­ma­lar hem iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Abu Da­bi mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy (AD­NOC) ho­wa­da­ky ug­le­ro­dy azalt­ma­gy we 2030-njy ýy­la çen­li ho­wa­dan 5 mil­li­on ton­na çen­li ug­le­rod al­ma­gy mak­sat edin­ýär. Kom­pa­ni­ýa de­kar­bo­ni­za­si­ýa di­ýil­ýän bu tas­la­ma­lar üçin 15 mil­liard dol­lar bö­lüp ber­jek­di­gi­ni aýt­dy. Tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de aras­sa ener­gi­ýa, ug­le­ro­dyň tu­tul­ma­gy we sak­la­nyl­ma­gy we elekt­rik­leş­dir­me ýa­ly ugur­la­ra ma­ýa go­ýum gö­nük­di­ri­ler. AD­NOC-yň ýol­baş­çy­la­ry ge­çen ýyl no­ýab­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň pes ug­le­rod­ly ösüş stra­te­gi­ýa­sy­ny çalt­laş­dyr­ma­gy we 2050-nji ýy­la çen­li “nol ug­le­rod” mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­dy. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­jek tas­la­ma­lar mä­lim edi­ler. Kom­pa­ni­ýa se­na­gat des­ga­la­ryn­da ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ryň muk­da­ry­ny azalt­ma­ga de­giş­li tas­la­ma­la­ry hem dur­mu­şa ge­çi­rer.

Ab­dy­mäm­met An­na­ber­di­ýew, Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by