ABŞ-nyň Energiýa ykdysadyýeti we maliýe seljermesi instituty (IEEFA) atly täjirçilik bolmadyk guramasy Ýewropanyň suwuklandyrylan tebigy gaz (STG) importynyň geçen ýyl 60 göterim artandygyny mälim etdi. IEEFA-nyň Ýewropa sebiti boýunça bilermeni Maria Ýaller-Makarewiç suwuklandyrylan gazyň importynyň artmagynda diňe sebitde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň däl, eýsem, howanyň temperaturasynyň hem ýokary bolmagy bilen baglydygyny belleýär. Bilermen ýeterlik mukdarda ygalyň düşmezligi Ýewropa ýurtlarynda gidroelektrik stansiýalaryň önümçiliginiň azalmagyna getirendigini belledi. Ol üstümizdäki ýyl import ediljek suwuklandyrylan gazyň howanyň ýagdaýyna, baha, gazyň sarp edilmegi üçin alnyp barylýan çärelere we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiligine bagly boljakdygyny mälim etdi. Geçen ýyl Ýewropanyň STG importy ABŞ-dan 143 göterim, Katardan 23 göterim artypdyr. Fransiýa ABŞ-dan hem-de Russiýadan iň köp STG import eden ýurt bolupdyr.
Edep Sähedow, Türkmenistanyň Telekommunkisiýalar we Informatika institutynyň talyby
PDF









