(Türk ertekisi)
Janjanyň howlusynda bir aty hem-de kiçijik taýçanagy bardy. Emma oglanjyk üçin sarybilbili has mähremdi.
Janjan säher bilen ukudan oýanyp, uzak wagtlap gerindi. Penjireden aty kişňäp, oňa “Ertiriň haýyrly bolsun!” diýdi. Taýçanagy çarpaýa galdy. Emma eýjejik sary bilbili saýramady, çünki ol kapasasynda ýokdy.
Janjan: “Nirede sen, sarybilbil!” diýip gygyrdy.
Ol hem-ä öz şypbygyny geýýärdi, hem-de ýatalgasynyň aşagyna seredýärdi. At daşaryk bakdy. Taýçanak sebediň içini gözledi.
Janjan balagyny geýip durka-da: “Nirede sen , sarybilbil?” diýip, ýene-de gygyrdy.
Öýüň pişigi geýim-gejimleriň durýan şkafyny gözledi.
Janjan papagyny geýýärkä-de: “Niredesiň, sarybilbil?” diýip gygyrdy.
Sarybilbil eşider diýen umyt bilen aw iti birnäçe gezek üýrdi. Olaryň hemmesi gözlediler, gözlediler, emma sarybilbili otagyň içinden tapmadylar. Basgançakda-da ýokdy, dälizde-de ýokdy. At kişňäp başlady. Taýçanak bökjekläp, çarpaýa galdy. Öýüň pişigi miýawlady. Aw iti bu gezek has batly üýrdi. Birdenkä olar bir sesi eşitdiler. Janjan aglamagyny goýdy. At kişňemegini goýdy. Taýçanak duran ýerinden butnamady. It bilen pişik diňşirgendiler. Olaryň hemmesi eşidilýän sese dykgat bilen gulak asdylar. Nähili ses eşidilendir öýdýärsiňiz?! “Jik, jik, jik, jik, jik!” diýen ses. Hemmesi penjireden daşaryk seretdiler. Sarybilbil bakjadaky erik agajynyň şahasyna gonup saýraýardy. Howludakylaryň hemmesi toplanyşyp, ony diňleýärdiler. Janjan, at, taýçanak, pişik we aw köpegi daşaryk çykyp, sarybilbiliň şadyýan sesini diňlediler.
Türk dilinden terjime eden, Gülaýym GELDIMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.