Ýurdumyzda sporty özüne hemra edinen ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bu bolsa sport ýurdy bolan Türkmenistanda sport bilen meşgullanmak hem-de türgenleşmek üçin ähli şertleriň döredilendigini aňladýar. Sporty özüne hemra edinen ýaş türgenleriň biri hem Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Aýmuhammet Annasähedow bolup, ol woleýbol bilen meşgullanýar.
Aýmuhammet birnäçe ýyldan bäri Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň 8-nji sport mekdebine gatnap, «Ýedigen» woleýbol toparynda çykyş etmek bilen oýnuň taktiki aýratynlyklaryny, oýnaýyş düzgünlerini hem-de inçe tilsimlerini öwrenýär. Toparyň tälimçisi Rahymguly Bäşimow: «Aýmuhammet «Ýedigen» woleýbol toparyndaky ýaş türgenleriň arasynda erjelligi, tutanýerliligi, yzygiderli türgenleşýändigi we sporta bolan yhlasy bilen tapawutlanýar» diýip belleýär. Aýmuhammet ýurdumyzda geçirilýän woleýbol boýunça ýoldaşlyk duşuşyklarynda we ýörite ýaryşlarda deň-duşlaryndan tapawutlanyp, 1 altyn, 1 kümüş medala, şeýle hem hormat hatlaryna mynasyp boldy. Ýaş türgen öz ýürek buýsanjyny: «Çagalykda top bilen oýnalýan sport görnüşleri, esasan hem, woleýbol bilen köp gyzyklanýardym. Teleýaýlymlarda görkezilýän woleýbol ýaryşlaryna yzygiderli tomaşa edýärdim. Şeýdip kakamyň sporta ugrukdyrmagy esasynda ýygyndy toparynda çykyş edip başladym. Meniň esasy arzuwym geljekde ezber türgenleriň biri bolup, ata Watanymyzyň sport abraýyna goşandymy goşmak» diýen jümleler bilen beýan edýär.
Aýmuhammet sapaklaryndan boş wagty diňe bir sport bilen meşgullanman, Aşgabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar bölümine gatnap, türkmen milli saz guralynyň inçe tilsimlerini hem öwrenýär. Mundan başga-da, ýaş türgen küşt oýnamagy we surat çekmegi gowy görýär.