Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.
Resminama bilen, Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň umumy işgär sanynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Arkadag şäher prokuraturasy döredildi. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmek tabşyryldy.