21-nji ýan­war­da Aş­ga­bat­da­ky Mas­la­hat köş­gün­de ta­ry­hy äh­mi­ýet­li mö­hüm sy­ýa­sy çä­re ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ýur­duň döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň we­kil­çi­lik we ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň iki pa­la­ta­ly par­la­men­ti – Mil­li Ge­ňe­şiň mej­li­si bo­lup geç­di.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­tan­da dur­muş-sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni we yn­san­per­wer ugur­lar bi­len bag­ly dür­li me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Döw­let do­lan­dy­ryş ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň has-da ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, jem­gy­ýe­tiň ös­dü­ril­me­gi­ne hem-de Türk­me­nis­ta­nyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­di. Mej­li­se gat­na­şa­jy­lar hä­zir­ki za­man ha­ky­kat­la­ry­ny, dün­ýä­dä­ki yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy ýag­daý­la­ry­nyň üýt­ge­ýän­di­gi­ni na­za­ra alyp döw­let eda­ra­la­ry­nyň, şol san­da we­kil­çi­lik ed­ýän gu­ra­ma­la­ryň işi­ni go­wu­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.
Mej­li­siň do­wa­myn­da ka­bul edi­len mö­hüm çöz­güt­le­ri­niň bi­ri, ol hem halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň dö­re­dil­me­gi bol­dy. Bu eda­ra­nyň baş­lyk­ly­gy­na Gurbanguly Berdimuhamedow saý­lan­dy. Ol hä­zir­ki za­man Türk­me­nis­ta­nyň ösü­şi­ne go­şan uly go­şan­dy üçin – Mil­li Li­der ady­na hem my­na­syp bol­dy.
Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, iki pa­la­ta­ly bo­lan Mil­li Ge­ňe­şiň bir pa­la­ta­ly, ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­sy­na – Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne öw­rü­lip, şol bir wag­tyň özün­de Türk­me­nis­tan­da we­kil­çi­lik ed­ýän hä­ki­mi­ýe­tiň or­ny güýç­len­di­ril­di.
Mun­dan beý­läk hal­ky­myz döw­le­tiň sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da has tä­sir­li orun eýe­lär. Türk­men hal­ky­nyň paý­has­ly pe­der­le­ri iş­le­ri­ni edil şo­nuň ýa­ly ama­la aşy­ryp­dyr­lar. Ge­çen dö­wür­de ge­ňeş esa­san ýa­şu­lu­lar bi­len ge­çi­ri­len bol­sa, in­di ýaş­la­ryň se­si has tä­sir­li eşi­dil­ýär. Halk Mas­la­ha­ty dür­li ýaş­lar­da­ky jem­gy­ýe­tiň we­kil­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar. Bu, Türk­me­nis­tan­da ýaş­la­ra ba­gyş­la­nan şu ýy­lyň şy­ga­ry bi­len hem ky­bap­daş gel­ýär.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň yg­ty­ýar­lyk­la­ry ba­ra­da aý­dy­lan­da, olar kons­ti­tu­si­on ka­nun­la­ry ka­bul et­mek, ola­ra üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça tek­lip­le­re ga­ra­mak, hem-de Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da beý­le­ki yg­ty­ýar­lyk­la­ry öz içi­ne al­ýar.
Ta­ry­hy äh­mi­ýet­li Mej­li­siň do­wa­myn­da aý­dyl­şy ýa­ly bu wa­ka­nyň ýur­du­myz­da halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň hem-de ata Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk­ki ösü­şi­ni üp­jün edip, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan ada­myň hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny ke­pil­len­dir­mä­ge tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri açar.