Geçen 2022-nji ýylda şweýsar sagatlarynyň eksporty dünýäde hümmetsizlenmäniň ýokary derejesine garamazdan, 11,4 göterim artdy. Bu barada Şweýsariýanyň sagat senagaty federasiýasynyň maglumatlarynda tassyklanýar.
Netijede, geçen ýyl Şweýsariýanyň sagat öndürijileri umumy bahasy 24,8 milliard franka (26,85 mlrd dollar) deň bolan goşar sagatlaryny eksport etdiler.
Esasan, bahasy 3 müň frankdan ýokary bolan gymmatly sagatlaryň (13,3 göterim) we bahasy 200 frankdan arzan bolan býujet kategoriýasyndaky sagatlaryň (9,7 göterim) söwdasynda iň uly ösüş bellige alyndy. Emma bahasy ortaça bolan goşar sagatlaryň söwdasynyň ösüşi ortaça 16,2 göterim pese gaçdy.
Şweýsar sagatlarynyň iň köp satyn alnan bazary ABŞ (310,4 million frank, ösüş 11,5 göterim) boldy, ikinji orny Hytaý (178,4 million frank, pese gaçyş 22,5 göterim), üçünji orny Gonkong (147,4 million frank, pese gaçyş 19,8 göterim) eýeledi. Sagat federasiýasy 2023-nji ýylda eksportyň aram derejede ösüş görkezjekdigini çaklaýar diýlip, habarda aýdylýar.