Ekwadoryň paýtagty Kitoda ilkinji metro işe başlady. Bu barada ýurduň ýerasty jemgyýetçilik ulagy ulgamynyň ýolbaşçylary mälim etdiler. “Kitumbe” stansiýasyndan ýolagçyly ilkinji metro otlusy ugrady” diýlip, habarda aýdylýar. Metronyň ilkinji ugrunyň uzynlygy 23 kilometre golaý, onuň ugrunda 15 duralga bar. Metronyň gurluşyk işleri 10 ýyla golaý wagta çekdi. Şäherde onuň ýene-de iki sany ugrunyň peýda bolmagyna garaşylýar.
Deslapky maglumatlara görä, metropoliten Kitonyň ýaşaýjylaryna demirgazyk etraplardan günorta etraplara çenli aralygy 1,5 sagatdan 30 minuda çenli azaltmaga mümkinçilik berer. Respublikanyň paýtagtynyň ilaty şäher etekleri bilen bilelikde hasaba alnanda, 3 million adamdan geçýär.