Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda 21-nji ýanwarda paýtagtymyzda taryhy waka – döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky uly jemgyýetçilik-syýasy çäre bolup geçdi. Maslahatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Halk Maslahatynyň döredilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakalaryň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, munuň bilen baglanyşykly Esasy Kanunymyza üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi kanunçylyk binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginden, şunda döwrüň ösen talaplaryndan ugur alynýandygyndan habar berýär.
Ol, şol bir wagtyň özünde-de, ýurdumyzda her bir il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleriň halk bilen, onuň saýlan wekilleri arkaly maslahatlaşylýandygyny, döwleti dolandyrmakda türkmeniň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» pähiminden ugur alynýandygyny görkezýär.
Döwletli maslahatda halkymyzyň tekliplerine, ýürek isleglerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmegi buýsanjymyzy has-da artdyryp, başymyzy göge ýetirdi. Munuň özi agzybir halkymyzyň uly ynamynyň, egsilmez söýgüsiniň we sylag-hormatynyň ýene bir aýdyň ýüze çykmasy boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işine, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösmegindäki möhüm ornuna uly ähmiýet berilýär. Wekilçilikli edaralaryň işiniň kämilleşdirilmegi netijesinde döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan talabalaýyk işleri guramakda zerur bolan kanunçylyk namalarynyň çalt we ýokary hilli kabul edilmegi, herekete girizilmegi, ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi üçin kanunçylyk-hukuk şertleri hem döredilýär.
Kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, parlamenti döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, konstitusion topar tarapyndan taýýarlanylan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlary ýurdumyzda halk demokratiýasynyň dabaralanmagyna has oňaýly täsirini ýetirer. Bu bolsa ata Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşini üpjün edip, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmäge täze mümkinçilikleri açýar.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, Halk Maslahaty demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak, kabul etmek we jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgelerden ugur alyp, öz işini alyp barar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleri ýurdumyzy täze ösüşlere alyp barýar.
Maslahatda eden taryhy çykyşynda Gahryman Arkadagymyz: «Maksatnamalarda şu ýylda göz öňünde tutulan işler hem köp. Şu ýyly biz ýaşlarymyz bilen baglanyşdyrdyk. Oňa «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at berdik. Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys. Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn» diýip nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň bu buýsançly sözleri bagtyýar türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak höwesini artdyryp, olaryň watansöýüjilik duýgularyny has-da ösdürýär. Ýaşlary belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe türkmen ýaşlarynyň döwrebap ylym-bilim almagy, watansöýüji, giň gözýetimli, täze tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredip berdi. Bu günki gün Arkadagly Serdarymyz şol beýik işleri üstünlikli dowam etdirýär. Milli Liderimiziň ýaşlara bildirýän belent ynamy biz – mugallymlaryň jogapkärçiligini has-da artdyrýar. Halkymyzyň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri mundan-da belent bolsun!
Bägül ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.