2022-nji ýylyň iň meşhur awtoulaglary belli boldy. Dünýä boýunça satuw maglumatlary “Motor1” we “JATO Dynamics” konsalting firmasy tarapyndan seljerildi.
Hytaý dünýäniň iň iri awtoulag bazary hökmünde öňe saýlandy. Iň meşhur ýerli model “BYD Song Plus” (bir ýylda 459 müňüsi satyldy) boldy, ikinji we üçünji orny “Nissan Sylphy” (446 müňüsi satyldy) we kiçi elektrokar “Wuling Mini EV” (443 müň) eýelediler.
ABŞ dünýäde awtoulag söwdasy boýunça ikinji orunda durýar, emma bu ýerde Hytaýa garanyňda, bazaryň pese gaçýandygy hasaba alyndy. Bu ýerde diňe pikaplar öňdebaryjy üçlügi emele getirdi: “Ford F-Series” (654 müň awtoulag), “Chevrolet Silverado” (523 müň) we Ram (468 müň).
Dünýäde ilkinji gezek awtoulag satuwynda üçünji orny Hindistan eýeledi. Bu ýerde “Maruti Suzuki”-niň iň meşhur awtoulaglary – “Wagon R” (217 müň awtoulag), “Baleno” (186 müň) we “Swift” (176 müň).
Ýewropa barada aýdylanda bolsa, seljerijiler bu ýerde bazaryň pese gaçandygyny bellediler. Umumy bazaryň 75%-ini emele getirýän Germaniýa, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Ispaniýa we Italiýanyň bilelikdäki netijeleri 2019-njy ýyldaky pandemiýa derejesinden üç esse dagy pes boldy.
Germaniýada iň meşhur awtoulag – “VW Golf”, Fransiýada “Peugeot 208”, Beýik Britaniýada “Nissan Qashqai”, Italiýada “Fiat Panda”, Ispaniýada “Hyundai Tucson” meşhur boldy.