Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta çäklerindäki dag jülgesinden geçýän Köpetdag şaýolunyň ugrunda däp bolan uzak aralyga atly – marafon ýaryşlary geçirildi. Ýaryşlary “Türkmen atlary” döwlet birleşigi, Sport baradaky döwlet komiteti we Milli atly sport merkezi bilelikde guradylar. Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, ýaryşyň baş emini, Kanadaly atşynas, biziň ýurdumyzyň dosty Tito Nils Pontekorwo marafona gatnaşýan 28 bedewe atlanan türgen – çapyksuwarlary meýdança çagyrdy we ýaryşlara badalga berdi.
Marafon çapyşygynyň umumy uzynlygy 60 kilometr bolup, ol hersiniň uzynlygy 30 kilometr bolan iki tapgyrda geçirildi. Bu gezekki ýaryşlara Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Milli atly sport merkeziniň, Balkan, Mary, Daşoguz atçylyk sport toplumlarynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Serhet gullugynyň we hususy hojalyklaryň bedewleri gatnaşdylar.
Bedewler howa şertleriniň oňaýly däldigine – güýçli ýagýan ýagşa garamazdan, marafonyň ilkinji tapgyryny üstünlikli geçmegi başardylar.
Lukmançylyk gözegçiliginden soňra, bedewler ýaryşyň ikinji tapgyryny dowam etdirmäge goýberilýär. Bu atçylyk sportunyň halkara kadalaryna laýyk gelýär. Bedewler diňe bir ýokary tizligini görkezmek bilen çäklenmän, çydamlylygyny hem subut etdiler. Marafon ýaryşy türkmen bedewleriniň çydamlylygyna, erjelligine we ýyndamlygyna ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi we bedewlere erk edýän türgenleriň atlaryň uzak aralyklara mümkinçiliklerini dogry kesgitlemäge ukyplydyklaryny, ýurdumyzyň seçgiçileriniň we seýisleriniň gazananlaryny aýdyň görkezdi.
Ýeňijiler uzak aralygyň tutuş dowamynda sarp edilýän wagtyň gysgalygy boýunça, weterinar lukmanlaryň oňyn netijenamalary esasynda kesgitleniler. Marafonyň ýeňijileri Türkmen bedewiniň baýramynyň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýän güni – 30-njy aprelde ýekşenbe güni yglan ediler we olara baýraklar gowşurylar.