Italiýanyň paýtagty Rimde seýilgähiň aşagyndan geçýän lagym ulgamy abatlanýarka, Gadymy Rimiň mifologik gahrymany hasaplanýan Geraklyň mermerden ýasalan heýkeli ýüze çykaryldy. Bu barada “The Guardian” gazeti habar berdi. Rim imperiýasy döwrüne mahsus bu heýkel miladydan 27-nji ýyl öň we miladynyň 476-njy ýyly aralygyna çenli döwürde ýasalypdyr. Bu heýkel meşhur taryhy ýol hasaplanýan “Appian” ýolunyň çägindäki ýeriň astyndan tapyldy.
“Bu sebit biziň üçin garaşylmadyk uly sowgat eçildi: adamboýy ululygyndaky mermerden ýasalan heýkeliň kellesiniň arslan derisi bilen ýapylanlygy sebäpli, ony Geraklyň heýkeli hökmünde kabul etmäge mümkinçilik berdi – diýip, “Appia Antika” seýilgähiniň wekilleri habar berdiler.
Mundan öň Rim arheologlarynyň “Appian” ýolunyň has irki böleginde gazuw-agtaryş işlerine başlandyklary habar berlipdi. Onuň galyndylary 500 ýyl soň gurlan Karakalla hammamlarynyň harabalyklarynyň aşagynda ýerleşýär diýlip hasap edilýär. Alymlaryň pikiriçe, häzir bu ýoluň sudurlary sekiz metr çuňlukda galypdyr. “Appian” ýolunyň gurluşygy miladydan 312 ýyl öň başlanypdyr. Günorta tarap uzaýan bu ýol Brindisi portuna baryp ýetipdir we gündogar Ortaýer deňziniň derwezesi hökmünde hyzmat edipdir. 20 metr çuňlukda geçirilen gazuw-agtaryş işlerine taryhçylaryň we arheologlaryň topary gatnaşdylar.