Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mähri Hojamgulyýewna Bäşimowa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Belläp geçsek, Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy bolup zähmet çekdi, şeýle hem mundan öň ozalky Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.