Islendik ýaşdaky we kärdäki adam hökmany suratda köp okamaly. Kitap okamagyň ähmiýeti barada Gahryman Arkadagymyz «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär» diýip belleýär. Ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyny ýadymyza salalyň. Türkmen gojasy özüniň ýeke mydary bolan düýesini bir kitaba çalşyp gaýdýar. Dramaturg Maksim Gorkiý bir makalasynda «Men ähli bilýän zatlarym üçin kitaplara minnetdardyryn» diýip ýazypdyr.
Ýurdumyzda uludan-kiçä hemmeler okamaga höwesek. Muňa ençeme ýyldan bäri saýlap alan kärim boýunça zähmet çekip gelýän ýerim bolan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasyna okamaga gelýän okyjylary görenimde has aýdyň göz ýetirýärin. Biz kitaphanamyza okamaga gelýän talyplara, ýaşlara, tejribeli alymlara uly höwes bilen hyzmat edýäris. 1941-nji ýylda döredilen kitaphana iň baýry kitaphanalaryň biri bolmak bilen, birnäçe bölümler arkaly okyjylara hyzmat edip gelýär. Kitaphanamyzda hyzmat ediş, toplamak, bejeriş, şeýle hem daşary ýurt edebiýaty we halkara kitap alyş-çalyş, seýrek neşir we başga-da birnäçe bölüm hereket edýär. Bejeriş bölüminde, esasan hem, üstünden köp ýyllaryň geçmegi bilen zaýalanan sahypalaryň bejeriş-abatlaýyş işleri amala aşyrylýar.
Gahryman Arkadagymyz halypa-şägirtlik mekdebine giň ýol açyp berdi. Merkezi ylmy kitaphanamyzda uzak ýyllap ýaşlara halypaçylyk edip gelýän hünärmenleriň birnäçesi zähmet çekýär. Merkezi ylmy kitaphanamyzda her ýyl bellenilýän Halkara zenanlar gününe, Milli bahar baýramyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe, Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp kitap sergileri guralýar. Biz kitaphana işgärleri bolup Magtymguly Pyragynyň uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenip geçiljek 300 ýyllyk toýuna bagyşlap, ýörite sergi guramaga taýýarlyk işlerini alyp barýarys. Sergimizde Magtymguly Pyragynyň dürli döwürlerde çapdan çykan diwanlary bilen bir hatarda şahyryň döredijiliginiň dürli ugurlarynda ýazylan ylmy işler, makalalar, çekilen suratlar hem ýerleşdiriler.
Kitaphanamyzyň hünärmenleri nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi hakynda teleradioýaýlymlarda, metbugatda yzygiderli çykyş edýärler. Kitaphanamyzda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryna talabalaýyk hyzmat edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen kitaphana ulgamynyň has-da gülläp ösmegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Kitaphanamyza gelýän okyjylara hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Şeýle bagtyýar zamanada ýaşamaga, işlemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Ogulbibi ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy.