2022-nji ýylyň ahyrynda Afrikanyň iň gurply adamlarynyň umumy baýlygy 81,5 milliard dollar bolup, ýylyň dowamynda 3,1 milliard dollar azaldy. Afrikanyň 54 döwletiniň diňe ýedisine wekilçilik edýän 19 adam bu reýtinge girizildi diýip, “Forbes” neşiri habar berýär.
Iň uly sement öndüriji “Dangote Cement” kärhanasynyň eýesi Aliko Dangote, 13,5 milliard dollar baýlygy bilen yzly-yzyna 12-nji gezek Afrikanyň iň baý adamy boldy. Onuň bir ýylyň dowamynda baýlygy 400 million dollar azaldy.
Sanawda ikinji orunda Günorta Afrika Respublikasynyň raýaty “Cartier”, “Montblanc” we “Chloe” brendlerine eýe bolan Şweýsariýanyň “Compagnie Financiere Richemont” kompaniýasynyň başlygy Ýohan Rupert bar. Onuň baýlygy 10,7 milliard dollar diýlip çaklanylýar.
“DeBeers” göwher gazyp alýan kompaniýanyň mirasdüşeri Nikki Oppenheimer ($8,4 milliard) ilkinji üçlügi jemledi.
Neşiriň habaryna görä dördünji orny nigeriýaly milliarder we haýyr-sahawatçy Abdul Samad Rabiu (7,6 milliard dollar), bäşinji orny müsürli işewür Nassef Sawiris (7,3 milliard dollar) eýeleýär.