Eý­ýäm 13 ýyl öň­de­li­gi eýe­läp gel­ýän Hy­ta­ýyň gä­mi gur­lu­şyk se­na­ga­ty 2022-nji ýyl­da hem dün­ýä­niň iň uly gä­mi gur­lu­şyk­çy­sy bol­ma­gyn­da gal­ýar. Bu ba­ra­da ýur­duň Se­na­gat we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry mi­nistr­li­gi ha­bar ber­di.
2022-nji ýyl­da ýurt­da je­mi ded­weý­ti 37,86 mil­lion ton­na deň bo­lan gä­mi­le­riň gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­dy. Şeý­le­lik­de, bu Hy­ta­ýyň pa­ýy­na dün­ýä­de gur­lan gä­mi­le­riň 47,3%-iniň de­giş­li­di­gi­ni aň­lad­ýar, 2021-nji ýyl­da bol­sa bu gör­ke­zi­ji 47,2%-e deň bo­lup­dyr. Mun­dan baş­ga-da ge­çen ýyl Hy­ta­ýyň pa­ýy­na dün­ýä­niň gä­mi gur­lu­şy­gy ba­bat­da sar­gyt­la­ryň 55,2%-iniň de­giş­li bo­lan­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Şeý­le hem mi­nistr­lik­de ge­çen ýyl 6 sa­ny hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dün­ýä­niň iň uly 10 gä­mi gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ha­ta­ry­na gi­ren­di­gi­ni mä­lim edil­di.
Hy­ta­ýyň gä­mi­gur­lu­şyk se­na­ga­ty as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (CAN­SI) ýol­baş­çy­sy Sao Bo­nuň aýt­ma­gy­na gö­rä, su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy gaz (STG) da­şaý­jy gä­mi­le­riň gur­lu­şy­gy ba­bat­da gör­ne­tin ösü­şiň ga­za­ny­lan­dy­gy ha­sa­ba alyn­dy. Şeý­le­lik­de, hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry STG da­şaý­jy gä­mi­le­riň 55-si­ni gur­mak bo­ýun­ça sar­gyt al­dy­lar, bu dün­ýä­de umu­my sar­gyt­la­ryň 30 gö­te­ri­min­den hem gow­rak­dyr.
HHR-de iri gä­mi­gur­lu­şyk­çy “Chi­na Sta­te Ship­buil­ding Corp.” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gol­çur kär­ha­na­sy bo­lan “Hu­dong-Zhong­hua Ship­buil­ding (Group) Co.” kär­ha­na­sy şu ýyl­da STG da­şa­ýan tan­ker­le­riň do­ku­zy­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­ma­gy hem-de ola­ryň dör­dü­si­ni sar­gyt­çy­la­ra el­ýe­ter­li et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.