Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

74

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.