4-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekilleri «Astana» halkara maliýe merkeziniň (AIFC) wekiliýeti bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
AIFC Ýaşyl maliýe merkeziniň müdiri Aýdar Kazybaýew, türkmen tarapyna guramanyň alyp barýan işleri barada habar berdi, şeýle hem tejribe alyşmak we öndürijilikli gatnaşyk gurmak üçin Gazagystana çagyrdy.
Türkmen biržasynyň wekili Serdar Berdiýew kärdeşlerini TDHÇMB-da hödürlenen önümler, dellalçylyk ýerlerini satyn almagyň tertibi we nyrhlary bilen tanyşdyrdy. Ondan başga-da myhmanlar TDHÇMB-da hasaba alynmaga degişli şertnamalaryň görnüşleri barada maglumat aldylar.
«Astana» halkara maliýe merkezi (AIFC) Merkezi Aziýa, Kawkaz, Ýewraziýa ykdysady bileleşigi, Günbatar Hytaý, Mongoliýa, Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlarynyň ykdysadyýetini baglanyşdyrmak maksady bilen 2018-nji ýyldan bäri hereket edýär. Merkez özboluşly maliýe hyzmatlaryny we maýa goýum gurallaryny hödürleýär.
Esasy Telekeçilik TDHÇMB we «Astana» halkara maliýe merkezi hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar