4-nji few­ral­da Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň we­kil­le­ri «As­ta­na» hal­ka­ra ma­li­ýe mer­ke­zi­niň (AIFC) we­ki­li­ýe­ti bi­len mun­dan beý­läk-de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
AIFC Ýa­şyl ma­li­ýe mer­ke­zi­niň mü­di­ri Aý­dar Ka­zy­ba­ýew, türk­men ta­ra­py­na gu­ra­ma­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri ba­ra­da ha­bar ber­di, şeý­le hem tej­ri­be alyş­mak we ön­dü­ri­ji­lik­li gat­na­şyk gur­mak üçin Ga­za­gys­ta­na ça­gyr­dy.
Türk­men bir­ža­sy­nyň we­ki­li Ser­dar Ber­di­ýew kär­deş­le­ri­ni TDHÇMB-da hö­dür­le­nen önüm­ler, del­lal­çy­lyk ýer­le­ri­ni sa­tyn al­ma­gyň ter­ti­bi we nyrh­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy. On­dan baş­ga-da myh­man­lar TDHÇMB-da ha­sa­ba alyn­ma­ga de­giş­li şert­na­ma­la­ryň gör­nüş­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat al­dy­lar.
«As­ta­na» hal­ka­ra ma­li­ýe mer­ke­zi (AIFC) Mer­ke­zi Azi­ýa, Kaw­kaz, Ýew­ra­zi­ýa yk­dy­sa­dy bi­le­le­şi­gi, Gün­ba­tar Hy­taý, Mon­go­li­ýa, Ýa­kyn Gün­do­gar we Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni bag­la­nyş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len 2018-nji ýyl­dan bä­ri he­re­ket ed­ýär. Mer­kez öz­bo­luş­ly ma­li­ýe hyz­mat­la­ry­ny we ma­ýa go­ýum gu­ral­la­ry­ny hö­dür­le­ýär.