Halkymyzda “Öý alma – goňşy al”, “Uzakdaky garyndaşyňdan – ýakyndaky goňşyň ýagşydyr”, “Kyýamat güni goňşudan”, “Aýrylmaz goňşyňa undulmaz söz aýtma” ýaly nakyllar ýöne ýere döremändir. Müň ýyl alysda galan wakalara ser salsaň türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylygy, parahatçylyk söýüjiligi, myhmansöýerligi bilen tapawutlanýar. Türkmen halky ir döwürlerde-de beýleki halklar bilen hem hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň tarapdary bolupdyr. Beýleki halklardan tapawutlylykda türkmenler birek-birek bilen salamlaşmagyň we mähirli hal-ahwal soraşmagyň hem ummasyz köp sogap getirýändigine ynanypdyrlar. Türkmen öýünde tagam bişirilse ilki bilen goňşulara iberilýär. Bu ajaýyp däp goňşy bilen goňşynyň agzybirligiň örän pugtadygyny, jebisdigini aňladýar. Eýýamlaryň özgerýändigine we ýaşaýyş durmuşumyza täze ösüşleriň ornaşýandygyna garamazdan, halkymyzyň öňden dowam edip gelýän jemgyýete bähbitli däp-dessurlary ýatdan çykarylmaýar. Olar döwletimiz we döwlet baştutanymyz tarapyndan goldanyp, döwrebap ösüşler içre barha kämilleşýär. Dostlugy däp-dessur edinen halkymyzyň ynsanperwerlik, dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklary indi bütin dünýäde rowaçlanýar. Goňşuçylyk gatnaşygy adamlaryň ruhy gözýetimini görkezýän ajaýyp dessurlarynyň biridir. “Toý görki bagşy öý görki goňşy” diýilşi ýaly türkmen halkynyň goňşuçylyk edebi adamlaryň arasynda gatnaşygyň ýokary mekdebidir. Döwlet dürli milletden bolan adamlaryň bir-birine sarpa goýmagy, goňşusynyň şatlygyna şatlanyp, gam-gussasyny paýlaşmagy edebi ýörelge edinýär. Bu ýörelge ynsanlaryň arasyndaky gatnaşygyň medeniýetini ösdürýär. Nirede agzybirlik bolsa üstünligem, ýeňşem şol ýerde bolýar. Türkmen halky gadymýetden bäri agzybirligiň gymmatyna düşnüp, ýaşaýan halk. Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz goňşy döwletler bilen hem doganlyk dostlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde hormatly Prezidentimiziň buýrugyna laýyklykda goňşy Özbegistan döwletine suwuklandyrylan gazy muzdsuz berilmegini aýtmak bolar. Düýn Arkadagly Serdarymyzyň tabşyrygy boýunça Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň çägindäki demir ýol bekedinde goňşy Özbegistan döwletine suwuklandyrylan gazyň uly möçberini ugratmak mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara il sylagly ýaşulylarymyz, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, medeniýet-sungat ussatlary we beýleki köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Bu ýerde guralan dabarada aýdym-sazly çykyşlara uly orun berildi. Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen goňşy ýurda suwuklandyrylan gazyň muzdsuz berilmegi türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde hem-de goňşy ýurtlaryň doganlyk halklaryny has-da ýakynlaşdyrmakda pugta binýadyň döredilmegine ýardam edýär.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.