Katar 2022 Dünýä Kubogynda şowsuzlyga uçran Belgiýanyň milli ýygyndysynda tälimçi Roberto Martines wezipesinden boşadylypdy. Köp wagtdan bäri tälimçi gözlän ýurduň federasiýasy ahyry milli toparyň tälimçisini tapdy. Belgiýanyň milli ýygyndysyna mundan soň germaniýaly hünärmen Domeniko Tedesko wezipä bellenildi. 37 ýaşyndaky tälimçi bilen EURO 2024-iň soňuna çenli şertnama baglaşyldy. Tälimçilik karýerasyna Germaniýanyň “Aiçwald” klubunyň ýaşlar düzüminde başlan Tedesko “Ştutgart” we “Hoffenhaým” toparlarynyň hem ýaşlar düzümlerine tälim beripdi. Asly italiýaly bolan Tedesko “Ersgebirge Aue” toparynyň tälimçiligine bellenmeginden soň, 2017-2019-njy ýyllarda “Şalke”, 2019-2021-nji ýyllarda Moskwanyň “Spartagyna”, 2021-2022-nji ýyllarda-da “Leipsig” toparynyň tälimçisi boldy. Ol “Leipsig” bilen Germaniýanyň Kubogyny gazandy.