9-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimou bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky ýagdaýy we ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeň hereketine, dünýä derejesinde parahatçylyk medeniýetini öňe sürmek ugrunda Türkmenistanyň Hökümetiniň alyp barýan yzygiderli işine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen “2023-nji ýyl-Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly” diýip yglan etmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň wajyplygy we öz wagtyndalygy barada nygtaldy.
Taraplaryň bilim we medeniýet ulgamynda, ylmy-gözlegler ugrunda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge, taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmegi, goralmagy we rejelenmegi ugrunda işleri dowam etmäge taýýardyklary tassyklanyldy.
ABŞ-niň Ilçihanasynyň maglumat ulgamynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, sanly diplomatiýa ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça tekliplerine garaldy.