Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ama­la aşy­ryl­ýan äh­li iş­ler, be­lent mak­sat­ly tu­tum­lar, il­kin­ji no­bat­da, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şo­nuň üçi­nem «Döw­let adam üçin­dir!», «Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen şy­gar­la­ry­myz döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy ýö­rel­ge­si bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi hal­kyň, aý­ra­ty­nam ýaş nes­liň aba­dan, bag­ty­ýar dur­mu­şy ba­ra­da­ky ala­da­nyň ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tagalla­sy bi­len ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň dö­wür bi­len aýak­daş git­mek­le­ri üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýaş­la­ryň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan baş çy­kar­ýan, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne we ola­ryň bi­lim de­re­je­le­ri­niň has-da kä­mil­leş­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Äh­li okuw mek­dep­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­ýän­di­gi, ýaş­la­ryň iň kä­mil teh­ni­ki se­riş­de­ler­den, in­ter­net to­run­dan peý­da­lan­mak­la­ry­na giň ýo­luň açyl­ýan­dy­gy mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler­den üs­tün­lik­li peý­da­lan­ýan ýaş­la­ry­myz dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra bäs­le­şik­le­rin­de üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýär­ler.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Bu Kon­sep­si­ýa mag­lu­mat bi­lim ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge we bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny ýo­ka­ry hil­li elekt­ron bi­lim mag­lu­mat­la­ry bi­len üp­jün et­mä­ge, bi­lim eda­ra­la­ryn­da be­ril­ýän bi­li­miň maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­ma­ga, hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, «Türk­me­nis­tan­da 2019–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» dur­mu­şa ge­çir­mek­de Gahryman Arkadagymyzyň ta­gal­la­la­ry bi­len 2021-nji ýy­lyň iýu­nyn­da re­je­le­nen gör­nüş­de ka­bul edi­len «Bi­lim ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň hem äh­mi­ýe­ti ulu­dyr.
Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baştutan­ly­gyn­da ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň röw­şen er­ti­ri­ne de­ňel­ýän ça­ga­la­ryň bagt­ly gel­je­gi ug­run­da çäk­siz ala­da­lar edil­ýär. Çün­ki, Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan dur­mu­şy­my­zyň gül­le­ri, ýü­rek­le­ri­mi­ziň ör­ki bo­lan eziz ça­ga­la­ryň, ýaş ne­sil­le­riň äh­li ar­zuw­la­ry­nyň my­rat tap­ýan ýur­du­dyr. Hä­zir­ki wagt­da äh­li pu­dak­lar­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we in­no­wa­si­ýa­la­ry iş­jeň or­naş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Tä­ze­çe bi­lim usul­la­ry­ny we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny öz­leş­dir­ýän mu­gal­lym­la­ryň hem hü­nä­ri ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar, ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dü­ril­ýär. Hä­zir­ki za­man yl­my­nyň iş­jeň ös­dü­ril­me­gi ýur­du­my­zy in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp taý­ýar­laý­jy döw­let­le­riň ha­ta­ry­na çy­kar­ma­ga şert dö­red­ýär. Türk­men ýaş­la­ry­nyň bi­lim al­ma­ga, ylym bi­len meş­gul­lan­ma­ga hö­we­si bar­ha ýo­kar­lan­ýar, diý­mek, yl­my-teh­ni­ki ösü­şe sal­dam­ly go­şant goş­ýan ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň tä­ze nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nan «Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň maz­mu­ny­ny, ony öw­ret­me­giň okuw-usu­ly­ýet bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dy­ryp, ýaş nes­liň dil bi­li­mi­niň ös­dü­ril­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. Mu­nuň özi ta­lyp ýaş­la­ryň dün­ýä dil­le­ri­ni çuň­ňur öw­re­nip, öz­leş­dir­me­gin­de, er­kin gür­läp bil­me­gin­de örän äh­mi­ýet­li­dir.
Ösüp gel­ýän ýaş nes­le döw­re­bap bi­lim-ter­bi­ýe be­rip, ola­ry wa­tan­sö­ýü­ji, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, sag­dyn be­den­li, edep-ter­bi­ýe­li, ru­hu­be­lent, ze­hin­li ýaş­lar edip ke­ma­la ge­tir­mek üçin biz – mu­gal­lym­lar yh­las bi­len zäh­met çek­ýä­ris. Mak­sat­la­ryň my­rat bol­ýan za­ma­na­syn­da bi­lim ul­ga­myn­da­ky ösüş­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy biz – bi­lim iş­gär­le­rin­de buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär. Gel­jek­de hem uly ru­hu­be­lent­lik bi­len ata Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş ne­sil­le­re bi­lim ber­mek işi­ne my­na­syp go­şan­dy­my­zy go­şa­rys.

Döw­let­my­rat ABA­KOW,
Ahal we­la­ýa­ty­nyň Bä­her­den et­ra­by­nyň 14-nji or­ta mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.