13-nji few­ral­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry We­pa Ha­ji­ýew Çe­hi­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da tä­ze bel­le­nen Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly Il­çi­si (otur­ýan ýe­ri Daş­kent ş.) Was­law Ýi­le­gi ka­bul et­di.
We­pa Ha­ji­ýew ynanç hat­la­ry­nyň nus­ga­la­ry­ny ka­bul edip, Il­çi­niň tä­ze we­zi­pä bel­le­nil­me­gi bi­len gut­la­dy hem-de oňa işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, bi­lim, me­de­ni-yn­san­per­wer we beý­le­ki ul­gam­lar­da, şeý­le hem hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­dä­ki türk­men-çeh öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ösü­şi­niň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. BMG we ÝB plat­for­ma­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga, şol san­da pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ryň öza­ra gol­daw be­ril­me­gi­ne ga­ral­dy.
Dip­lo­mat­lar dür­li de­re­je­dä­ki iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm or­nu­nyň bar­dy­gy­ny, şeý­le hem iki döw­le­tiň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da sy­ýa­sy mas­la­hat­laş­ma­la­ry ge­çir­me­giň tej­ri­be­si­ni do­wam et­dir­me­giň wa­jyp­ly­gy­ny nyg­tap geç­di­ler.