Wýetnamyň Senagat we söwda ministrligi 2030-njy ýyla çenli umumy başlangyç energiýada ilaty 15-20% täzelenip bilýän energiýa bilen üpjün etmegi maksat edinýär.
2045-nji ýyla çenli bu görkeziji 25-30%-e çenli artar diýlip, ýurduň senagat we söwda ministrliginiň howanyň üýtgemegine garşy göreş we “ýaşyl” ösüş boýunça hereket meýilnamasynda bellenilýär. Neşir 2050-nji ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň, takmynan, 42 million tonna kömürturşy gazy derejesinde saklanmalydygyny öňe sürýär. Mundan başga-da, önümçiligi we işewürlik modellerini “ýaşyl” ösüşe gönükdirmäge üns berler. Hereket meýilnamasynda ykdysady we netijeli özleşdiriş hem-de tebigy baýlyklary we energiýany ulanmak üçin çözgütleriň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet beriljekdigi aýdylýar.
Şeýle hem, sanly tehnologiýalary we sanly üýtgeşmeleri ulanmak, ösüşiň hilini ýokarlandyrmak üçin infrastrukturanyň durnuklylygyny ösdürmek, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak we daşky gurşawa ýaramaz täsirleri azaltmak maksat edinilýär diýlip resminamada bellenilýär.
2021-nji ýyla çenli Wýetnamda gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwaty 20,670 MWt-a ýetdi we umumy mukdaryň 27%-ini emele getirýär diýlip, “Vietnam News” neşiriniň habarynda bellenilýär. Täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça Halkara agentliginiň maglumatlaryna görä, ornaşdyrylan gün kuwwatlyklary boýunça Wýetnam dünýäde ilkinji on ýurduň hataryna girýär.