Şu gün — 15-nji few­ral­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ýö­ri­te­leş­di­ri­len yk­dy­sa­dy ser­gi­si öz işi­ne baş­la­dy. Hal­ka­ra ser­gä Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry, türk­men işe­wür­le­ri, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gat­naş­dy­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ser­gä gat­na­şy­jy­la­ra Gut­lag iber­di. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Gut­la­gy­ny üns bi­len diň­le­di­ler.
— Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ryň köp­ýyl­lyk tej­ri­bä da­ýan­ýan yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mek­de we iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ös­dür­mek­de bu giň möç­ber­li ser­gi­niň uly äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­na berk ynan­ýa­ryn – di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Gut­la­gyn­da bel­le­nil­ýär.

Ser­gä Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň dür­li ugur­lar­da – ne­bit­gaz, ne­bit­hi­mi­ýa, gur­lu­şyk, azyk se­na­ga­ty, ma­şyn­gur­lu­şyk ýa­ly ugur­lar­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ry gat­naş­ýar. Few­ral aýy­nyňň 17-si­ne çen­li açyk bol­jak göz­den ge­çi­ri­liş­de Eý­ran­da ön­dü­ril­ýän aw­tou­lag­la­ry, gur­lu­şyk ha­ryt­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni – de­mir gur­na­ma­la­ry, mer­mer pli­ta­la­ry, agaç önüm­le­ri­ni, reňk­leý­ji se­riş­de­le­ri, bo­ýag­la­ry, şeý­le hem ha­ly­la­ry, süýt önüm­le­ri­ni we beý­le­ki ha­ryt­la­ry gör­mek bol­ýar.