Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik esasda ýakyndan we köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Birleşen Milletler Guramasy dünýäde iň iri we abraýly halkara guramasy bolmak bilen, öz gezeginde, Bitarap Türkmenistany ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hasaplaýar hem-de sebit we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek, ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak işinde türkmen tarapynyň işjeň, başlangyç ugruna ýokary baha berýär.
Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň täze üstünliklere beslenýändiginiň şaýady bolduk. Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki Baş edarasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Türkmenistan Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlandy.
Hormatly Prezidentimiz geçen hepde geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belläp geçişi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan köptaraply işlerine halkara jemgyýetçiliginiň ýokary baha berýändigine şaýatlyk edýär.
Saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek ilatyň saglygyny gowulandyrmaga, türkmenistanlylaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny uzaltmaga, çagalaryň dogluşyny artdyrmaga gönüden-göni täsir etdi.
Gender meseleleriniň çözülmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzda zenanlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli işlerine işjeň gatnaşýarlar. Dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen Türkmenistan hukuk goraýjy ulgamda uly, maksada gönükdirilen işleri geçirip, dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär. Gender deňliginiň üpjün edilmegi şolaryň möhümleriniň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitutsiýasynda hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, erkekler we zenanlar üçin birmeňzeş hukuklary we azatlyklary döretmek we jyns alamaty boýunça islendik çäklendirmä ýol bermezlik ýörelgesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Türkmen döwleti BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, esasy halkara konwensiýalaryna, şol sanda Zenanlar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda konwensiýa hem-de Zenanlaryň ýagdaýy boýunça bütindünýä konferensiýasyna goşulyp, bu möhüm resminamalaryň düzgünlerini amala aşyrmak boýunça anyk ädimleri ädýär, şol sanda milli kanunçylygyny kämilleşdirýär. Ýakynda – 8-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2015-2020-nji ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça işleriň milli meýilnamasy” bilen tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Ol BMG-niň Ilat gaznasynyň maslahat goldawyny bermeginde işlenip taýýarlanyldy. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde çäreleriň 60-dan gowragynyň geçirilmegini göz öňünde tutýan bu resminama zenanlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer çärelerine gatnaşmagyny giňeltmek üçin zerur bolan şertleri döretmek maksadynda kabul edildi. Onda bellenilen möhüm wezipeleriň hatarynda gender meseleleri boýunça ilatyň habarlylygyny artdyrmak, bu ulgamda Türkmenistanyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek ýaly wezipeler bar.
Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 8 sany komissiýasynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar, ýurdumyz 5 gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy.
Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň açylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda şanly waka boldy. Milletler Bileleşiginiň ygtybarly daýanjy hökmünde özüni görkezen bu merkeziň sebitde deňi-taýy ýokdur.
Hormatly Prezidentimiziň döredijilikli başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigini aýdyňlyk bilen tassyklaýar. Şol başlangyçlar bolsa, möhüm ugurlarda, şol sanda ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we köpşahaly ulag-üstaşyr düzümleri döretmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Olar BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamalarynda öz beýanyny tapdy.