18-nji few­ral­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­lar ins­ti­tu­tyn­da ýur­duň dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ba­gyş­la­nan baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri ge­çi­ril­di.
Baý­ram, Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ba­gyş­la­nan we “Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar” şy­ga­ry bi­len ge­çi­ril­ýän 2023-nji ýy­la ba­gyş­la­nan ser­gi bi­len ta­nyş­lyk bi­len baş­lan­dy.
Soň­ra türk­men dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri­niň baý­ra­my­na ba­gyş­la­nan “Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li” at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň ýol­baş­çy­la­ry we iş­gär­le­ri, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Mas­la­ha­tyň ba­şyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň Orun­ba­sa­ry, Türk­me­nis­tan Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow hal­ka­ra mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň gut­lag Ýüz­len­me­si­ni da­ba­ra­ly oka­dy. Çä­rä­niň do­wa­myn­da BMG-nyň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça Baş sek­re­ta­ry­nyň Ýö­ri­te we­ki­li, BMG-nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit­le­ýin mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Na­tal­ýa Ger­man, BMG-nyň Türk­me­nis­tan­da­ky He­mi­şe­lik Ut­gaş­dy­ry­jy­sy Dmit­riý Şla­pa­çen­ko, BMG-nyň Ösüş Mak­sat­na­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky He­mi­şe­lik we­ki­li Na­ri­ne Sa­ak­ýan, BMG-nyň Ça­ga­lar Gaz­na­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­ki­li Mu­ham­met Fa­ýa­zi, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň okuw iş­le­ri bo­ýun­ça pro­rek­to­ry Gül­şat Ýu­su­po­wa we baş­ga­lar çy­kyş et­di­ler.
Mas­la­hat­da çy­kyş eden­ler Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň hä­zir­ki za­man hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň “Dia­log pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li” di­ýen tä­ze pel­se­pe­si­ni dö­ret­mek baş­lan­gy­jy­nyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler. Bu nuk­daý­na­zar­dan, 2022-nji ýy­lyň 9-njy de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňel­di­len mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň “bi­ziň ýur­du­myz mil­li, se­bit we dün­ýä de­re­je­sin­de pa­ra­hat­çy­ly­ga, howp­suz­ly­ga we dur­nuk­ly ösü­şe ýar­dam ber­ýän mö­hüm hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek bi­len, ola­ryň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ug­run­da uly ta­gal­la ed­ýär” di­ýen söz­le­ri­ni ge­tir­mek bo­lar.
Soň­ra, “Dia­log pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li” at­ly hal­ka­ra kon­fe­ren­si­ýa gat­na­şy­jy­la­ryň adyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowa Ýüz­len­me ka­bul edil­di, we döw­let baş­tu­ta­ny­nyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­ýän­di­gi üçin sag­bol­sun aý­dyl­dy

Mas­la­ha­tyň ahy­ryn­da, Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň ha­ly­pa dip­lo­mat­la­ry­na “Türk­me­nis­ta­nyň us­sat dip­lo­ma­ty” at­ly ta­pa­wut­lan­dy­ryş ny­şa­ny bi­len sy­lag­la­mak we Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ýaş dip­lo­mat­la­ry­ny hem-de Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň uçu­rym ýyl ta­lyp­la­ry­ny Mi­nistr­li­giň dip­lo­my bi­len sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri­niň gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­duň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti ge­çi­ril­di.