Gaýybana syýahat
Hindistanyň demirgazygyndaky Agra şäherinde ýerleşýän esasy syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan Täçmahal ýadygärligi dünýäniň iň owadan binalarynyň biri hasaplanýar. Bezeg aýratynlyklary, haýran galdyryjy ak mermer sütünleri hem-de Ýamuna derýasynyň kenaryndaky owadan baglary bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän bu ýadygärlik 22 ýylda gurlupdyr. Muny Täçmahalyň howlusyndaky 4 gümmezden başga-da, depesindäki 22 sany kiçiräk gümmez bilen baglanyşdyrýarlar. Taryhy maglumatlara görä, bu ýadygärligi Şah Jahan merhum aýaly Mumtaz Mahalyň hatyrasyna gurdurýar. Täçmahal ybadathana ýa-da köşk däl-de, ýadygärlikdir. Täçmahalyň girelgesine ýakyn ýerde bir metjit, mejlisler zaly we muzeý bar. Syýahatçylar ilki muzeý bilen tanyşýarlar. Bu ýerde Täçmahalyň taryhyny gürrüň bermek bilen bir hatarda, ony döretmekdäki gurluşyk meýilnamalary hem görkezilýär.
Köplenç «Aýýagty baglary» diýlip atlandyrylýan Mehtab baglary giň otluk meýdanlary, pastel reňkli gülleri hem-de hoşboý ysly gülleýän gyrymsy agaçlary bilen Täçmahalyň görküne görk goşýar. Bu ýeri, esasan hem, Gün ýaşyp barýarka synlanyňda has owadan görünýär. Agşamyna Ýamuna derýasynda gaýykly gezelençler hem guralýar. Ýadygärlikdäki ünsi çekýän zatlaryň ýene biri hem hanym Diananyň (Diana Lady) oturgyjy bolup, ol esasy binanyň merkezindäki meýdançada ýerleşýär. 1992-nji ýylda Hindistana eden saparynyň dowamynda Uels şazadasynyň aýaly Diana oturgyçda oturyp Täçmahalyň öňünde surata düşüpdir. Şondan soň bu oturgyçda oturyp surata düşmek ýörgünli däbe öwrülýär. Täçmahalyň esasy binasynyň içinde Mumtaz Mahala we Şah Jahana bagyşlanan mermer kenotaflar (kiçiräk gümmez) bolup, Gündogaryň binagärlik nagyşlary hem-de bezeg aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik döreýär. Ýöne ýadygärligiň içine köwşüňi çykaryp girmeli. Şeýle hem bu ýerde surata düşmek, toplumyň çäginde iýip-içmek, gulaklykda ýa-da şeýle aýdym diňlemek gadagan edilýär. Ýadygärlige her gün 30 müň töweregi syýahatçy gelýär. Täçmahal ýadygärlikler toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen, bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýan dünýäniň ýedi täsinliginiň biridir.
Haýsy derwezeden girmeli?
Täçmahal ýadygärlikler toplumynyň üç sany: Günbatar, Gündogar we Günorta derwezesi bar. Ýadygärligiň iň köp girilýän nokady Günbatar derweze bolup, bu ýerli ilata niýetlenendir. Jahankeşdeler üçin iň ýakyn girelge Gündogar derweze hasaplanýar. Günorta girelge bolsa Täçmahala girmek üçin iň az ulanylýan derwezedir. Mundan başga-da, bezeg aýratynlygy, owadanlygy, binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýan «Darwaza-e-Rauza» (Şa derwezesi) derwezesi syýahatçylaryň iň köp surata düşýän ýeridir. Bu ýadygärligiň esasy derwezesi bolup, haşamlanan zaldan soň esasy bina tarap uzalyp gidýär.
Täçmahalyň öýkünme nusgalary
Dünýäniň birnäçe ýerinde ýedi täsinligiň biri bolan Täçmahalyň nusgalary bina edilipdir. Bangladeşde, Hytaýda, Indoneziýada, Kuweýtde hem-de Birleşen Arap Emirliklerinde bu ýadygärligiň öýkünme binalary bar.