20-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň, Türkmenistana iş sapary bilen gelen, Dominikan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Elwis Antonio Alam Lora bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. M.Bäşimowa Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda gatnaşyklary berkitmek işinde üstünlikler arzuw etdi.
Duşuşygyň çäklerinde Dominikan Respublikasynyň Ilçisine garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilişi, şeýle hem ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler barada maglumat berildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplaryň halkara giňişliginde, şol sanda BMG-niň çäklerinde ikitaraplaýyn konstruktiw dialoga ygrarlydyklary, şeýle hem bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga gönükdirilen parahatçylyk söýüji başlangyçlaryň we taslamalaryň özara goldanylmagynyň zerurdygy bellenildi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin dürli derejelerdäki saparlary işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigi boýunça teklipler beýan edildi.