21-nji few­ral­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow res­mi sa­par bi­len Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­na ug­ra­dy.
Bu sa­par iki ýur­duň halk­la­ry­ny bag­la­nyş­dyr­ýan dost-do­gan­lyk we ru­hy taý­dan ýa­kyn­lyk gat­na­şyk­la­ry­na esas­lan­ýan, umu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne giň ge­rim­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da tä­ze, mö­hüm sa­hy­pa­ny açar.
Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy res­mi adam­lar ug­rat­dy­lar.
Iki dost­luk­ly ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry bi­len be­ze­len Mu­har­rak şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Şeýh Ha­lid bin Ab­dul­la Al Ha­li­fa hem-de beý­le­ki res­mi adam­lar mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.
Ha­ly ýo­da­sy­nyň ug­run­da Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri ny­za­ma dü­zül­di.
Ho­wa men­zi­lin­den döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň aw­tou­lag ker­we­ni res­mi sa­pa­ry wag­tyn­da özi üçin ni­ýet­le­nen ka­şaň «Fo­ur Sea­sons» myh­man­ha­na­syn­da ýer­le­şen ka­bul­ha­na­sy­na ta­rap ug­ra­dy.
22-nji few­ral­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy Şeýh Ha­mad bin Isa Al Ha­li­fa bi­len du­şu­şy­gy bo­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu sa­pa­ry­nyň dost­luk­ly ýur­da il­kin­ji sa­pa­ry­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Mu­nuň özi hä­zir­ki wagt­da hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­ýan iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak­da we ös­dür­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­jek du­şu­şyk söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da bol­şy ýa­ly, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da hem hä­zir­ki döw­rüň anyk ýag­daý­la­ry­ny, gat­na­şyk­la­ryň uly müm­kin­çi­li­gi­ni na­za­ra alyp, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, bu sa­par Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri bi­len, şol san­da arap dün­ýä­si­niň ýurt­la­ry bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­gi ugur edin­ýän sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de no­bat­da­ky ädi­me öw­rü­ler.
1995-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Türk­me­nis­tan bi­len Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, öza­ra yna­nyş­ma­ga, bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­ne hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan gat­na­şyk­lar giň ge­rim­li hä­si­ýe­te eýe bol­dy hem-de dür­li pu­dak­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­re ýol aç­dy. Iki ýur­duň hem yk­dy­sa­dy­ýe­ti üçin stra­te­gik hä­si­ýet­li bo­lan ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şun­da ta­rap­la­ryň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga bo­lan me­ýil­le­ri­ni na­za­ra ala­nyň­da, beý­le­ki pu­dak­lar­da, şol san­da ma­li­ýe, ma­ýa go­ýum ul­ga­myn­da, de­ňiz ulag­la­ryn­da, sy­ýa­hat­çy­lyk­da we sport­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge uly müm­kin­çi­lik bar. Şol ul­gam­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne Türk­me­nis­tan­da hem-de Bah­reýn­de mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän hem-de ýur­du­my­zy ös­dür­mä­ge, dur­muş-yk­dy­sa­dy dü­züm­le­ri do­ly döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry Bah­reý­niň işe­wür to­par­la­ry­nyň dep­gin­li ös­ýän türk­men ba­za­ry­na gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny art­dyr­ýar. Yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ra-da mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ugur­da­ky gat­na­şyk­lar ru­hy we me­de­ni däp­le­riň umu­my­ly­gy bi­len bag­la­nyş­ýan iki do­gan­lyk hal­kyň ara­syn­da dost­lu­gyň, öza­ra dü­şü­niş­me­giň öz­bo­luş­ly köp­rü­si­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­na res­mi sa­pa­ry ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dür­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy goý­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.