Türkmenistan şu ýylyň ýanwarynda Özbegistana 10,4 million dollar möçberinde haryt eksport etdi. Ýurduň goňşy döwletden importy bolsa 5,7 million dollar boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet statistika agentligi habar berýär. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 16,1 million amerikan dollaryna barabar boldy.
Degişli döwürde Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 5 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 42% ýokarlanypdyr. Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji bäşligine Russiýa Federasiýasy (688,4 million amerikan dollary), Hytaý (544 million amerikan dollary), Germaniýa (496,6 million amerikan dollary), Gazagystan (333,5 million amerikan dollary) we Türkiýe (261,7 million amerikan dollary) giripdir.