Angliýanyň Oksford uniwersiteti bilen Ýaponiýada Oçanomizu uniwersitetiniň ylmy işgärleri geçiren barlagyna görä, geljek 10 ýylyň dowamynda öý işleriniň 39 göterimini robotlar ýerine ýetirer. Okuw mekdebiniň ylmy işgärleri 65 sany emeli aň hünärmeninden geljek ýyllarda öý işlerindäki awtomatlaşdyrylyşyň nähili boljakdygyny sorady. Bilermenleriň pikiriçi awtomatlaşdyrylan ulgamyň iň köp ösüş gazanjak işiniň dükandan ýa-da söwda merkezinden öýe gerekli zatlary satyn almak bolar. Çagalara we garrylara seretmek bolsa emeli aň tehnologoiýasynyň iň az täsir etjek işleri hasaplandy. Şeýle hem bilermenler tehnologiýanyň öýe gerek zatlary satyn alyp gelmek işinde wagty 60 göterim tygşytlamaga ýardam etjekdigini çaklaýarlar.
Robotlaryň öý işlerini etmek baradaky pikir has irki döwürlerden bäri bar. 1966-njy ýylda Britan teleýaýlymlarynyň birinde “Tomorrow’s World” atly gepleşikde nahar bişirip, iti gezdirip, bäbege seredip, söwda edip we beýleki birnäçe işi ýerine ýetirip bilýän öý roboty barada gürrüň berlipdi. Şol döwürler bu robotyň gerekli maýa goýum özleşdirilen ýagdaýynda 10 ýylda, ýagny 1976-njy ýylda taýýar boljakdygy bellenilipdi.
Rowaç Çaryýarow, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.