25-nji fewralda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda rus dramaturgy Aleksandr Wolodiniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan “Hoşlaşasym gelenok” spektaklynyň premýerasy köpçülige hödürlendi. Ýurdumyzyň teatr muşdaklary, halk köpçüligi we ýaşlar täze spektaklyň ilkinji tomaşaçylary boldular. Spektakly režissýor Mekan Jumabaýew sahnalaşdyryp, bu onuň baş drama teatrynda goýan ilkinji sahna oýnudyr. Oýnuň sahna bezegini Maksat Amangylyjow, saz bezegini Şatlyk Amannnepesow, Eziz Saparow, Döwlet Kuwwadow, yşyk bezegini Röwşen Mätiýew ýerine ýetiripdir.
Söýgüdir aýralyk baradaky sahna oýny ilkinji pursatdan başlap, tomaşaçylary özüne bendi etdi. Has täsirli we döwrebap goýlan nusgawy sahna oýny milli äheňler bilen baýlaşdyrylypdyr. Spektakl wakalara baý: sahna oýnunyň dowamynda esasy gymmatlyk bolan maşgala mukaddesligi, wepalylyk we söýgi öňe sürülýär. Spektakldaky wakalarda ýaşlar birek-birekden aýra ýaşamaga dyrjaşýarlar. Kazyýet: aýralyk, duşuşyk, gözýaş we ýylgyryş sahna oýnunyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Bu spektaklda birnäçe jübüt aýrylyşmak barada karara gelýär. Gülkünç hem-de gynandyryjy sahnada durmuşda emele gelen ýagdaýlar sebäpli biri-birinden göwni geçen Katýa bilen Mitýanyň söýgüsi hiç kimi biparh goýmaýar. Olar sahna oýunyň dowamynda hakyky söýgini ýüze çykarýarlar.
Talapkär kazy öňe çykyp, sorag etmäge başlaýar. Ol nikalaryny bozmak isleýänler babatda agyr karar kabul etmeli bolýar. Kazy aýrylyşmak maksady bilen özüne arza bilen ýüz tutýanlaryň maşgala ömrüni uzaltmaga tagalla edýär. Birdenem tragikomik gapma-garşylyklar çynlakaý meselelere öwrülip gidýär.
“Hoşlaşasym gelenok” bu Aleksandr Wolodiniň meşhur pýesasynyň üstüni täze öwüşginler bilen doldurmaga synanyşykdyr. Zehinli režissýorymyz Mekan diňe bir sahna oýnunyň durmuşy taraplary bilen çäklenmän, aktýorlar bilen bilelikde aýdyň, şadyýan sahnany döretmegiň hötdesinden gelipdir. Sahnadaky her bir gahryman adamlaryň häsiýet aýratynlygynyň simwolyna öwrülýär. Artistler öz gahrymanlarynyň keşplerini aýdyň ýüze çykaryp, olaryň başdan geçiren wakalaryny birkemsiz ýerine ýetirdiler. Olar tomaşaçylary wakalaryň her birine gatnaşmaga, aýralygyň, aýrylyşmagyň ajysyny çekişmäge atarýarlar.
Kazyýet zalynda gahrymanlaryň özleriniň aýrylyşmagynyň sebäplerini gürrüň bermegi tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy. Özboluşly ýarym garaňky yşyk bezegi sahnada bolup geçýän wakalary hakykata has-da golaýlaşdyrýar. Spektakla tomaşa edip otyrkaň, hamala diýersiň, adaty adamlar sahna çykaga-da meseläni çözmäge girişýän ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň. Hut şu inçe we aýdyň wakalar sahna oýnuny ýürege has-da ýakyn edip görkezýär.
Bu spektakl gahrymanlaryň ykbalyna daşyndan nazar aýlamaga, ynamsyzlygyň, gedemligiň nämedigini duýmaga, maşgalada ýüze çykýan käbir düşünişmezliklere ýylgyrmaga sebäp bolmak bilen birlikde, iň soňunda söýgä bolan ynamy güýçlendirýär.
Režissýor Mekan Jumabaýew Aleksandr Wolodiniň pýesasyny milli äheňler bilen bilen baýlaşdyryp, özboluşly sahnalaşdyrmagy has-da özüne çekýär. Sahna oýnunyň bütin dowamynda ynsanyň öz ykbalynyň oňyn we pes emirlerine garamazdan, söýmegini dowam etdirýändigi ýüze çykarylýar. Gahrymanlar maşgalasyndan daşlaşýarlar, soň ökünýärler we iň soňunda ýanýoldaşy bilen hoşlaşmaly däldigine göz ýetirýärler. Tomaşaçylaryň ünsüni doly özüne çekýän bu sahna oýnunyň soňky bölüminde gahrymanlaryň içki duýgulary örboýuna galýar.
Şeýle-de sahna oýnunda tans sungatynyň iň ýokary derejesi göze ilýär. Oýnuň horeografiýasy pýesanyň bitewüliginiň we çeper çözgütleriniň biri bolup, horeograf Taisiýa Alyýewanyň tagallasy ýerine düşüpdir.
Türkmenistanyň halk artistleri Orazgeldi Durdyýew kazynyň, artistler Serdar Artykow Mitýanyň, Aýnabat Öwezmämmedowa Katýanyň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Oýnuň soňunda esasy gahrymanlar özleriniň päk söýgüleri bilen maşgala mukaddesligini dikeltmegi başarýarlar. Spektaklyň özboluşly öwüşginleri, wakalaryň köplügi onuň ýakyn günlerde biziň teatr durmuşymyzy has-da baýlaşdyrýan hakyky sahna eseri boljakdygyna doly şaýatlyk edýär.
Ýegenmämmet TAÝLYÝEW, “Zaman-Türkmenistan”.