Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko 28-nji fewraldan 2-nji mart aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar. Bu barada BelTA saýty Belarus lideriniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Aleksandr Lukaşenko, HHR-iň ýokary wezipeli adamlary hem-de Hytaýyň öňdebaryjy korporasiýalarynyň ýolbaşçylygy bilen birnäçe duşuşyklary geçirer.

Gepleşiklerden soň resminamalar bukjasyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäginde Belarusyň we Hytaýyň liderleri gatnaşyklary täze derejä çykarmak – strategiki hyzmatdaşlyk barada bilelikdäki jarnamany kabul etdiler.