1-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri Türkmenistanyň we Özbegistanyň dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar. Döwlet Baştutanlary ýokary hem-de hökümetara derejelerinde, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň işiniň, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň duşuşyklarynyň çäklerinde yzygiderli amala aşyrylýan gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylarlar. Liderler medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşine “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine baha bermegi üçin okgunly ösýän deňiz şypahanasyna gelip görmegi teklip etdi. Özbegistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiziň Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny hoşallyk bilen kabul etdi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň
okgunly ösüşi
3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi. Milli Liderimiz we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin bar bolan uly mümkinçilikleri belläp, taraplaryň olary netijeli durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk we oba hojalyk ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň Gazagystan üçin uly gyzyklanma döredýändigini belledi.
Şol gün paýtagtymyzda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Taraplar gepleşikleriň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam etjek anyk ädimleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
Ilçi işe başlady
3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sorin Wasile Moldowany kabul etdi, ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz we doly ygtyýarly wekil türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň geljegi we mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar. Bu hyzmatdaşlyk ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen birlikde, energetika we ulag ulgamlarynda tagallalary birleşdirmek möhüm bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda, hususan-da, ýükleri daşamak üçin ykdysady taýdan amatly ugurlary üpjün edýän halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek babatda möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Ulag we logistika boýunça
Halkara maslahaty
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça Halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýokary wezipeli işgärleri, Ýewropa, Aziýa we Amerika ýurtlarynyň onlarçasyndan maýadarlar, halkara guramalarynyň, bank düzümleriniň, ulag, logistika we beýleki kompaniýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Wekilçilikli forum geçen ýyl Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň dowamy bolup durýar we onda beýan edilen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Awaza gepleşikleri Türkmenistanyň ulag ulgamy üçin möhüm ähmiýetli wakalaryň biri bolup, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimleriň biri bolar. Maslahata gatnaşyjylar logistika we ýük daşamak ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny hem-de IT – çözgütleri ösdürmäge degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň wajypdygyny bellediler.
Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ýurdumyz geljekde hem milli ulag ulgamyny günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamy bilen baglanyşdyrmak üçin özüniň ulag düzümini işjeň ösdürmegini dowam eder. Munuň özi Hytaý, Hindistan, Pakistan ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň beýleki ýurtlaryna çykalgany üpjün eder.
Türkmen-palestin işewürler maslahaty
Şeýle hem paýtagtymyzda türkmen-palestin işewürler maslahaty geçirildi. Palestinanyň kompaniýalary Türkmenistanda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegi meýilleşdirýärler. Nobatdaky forumda türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň häzirki mümkinçilikleri we geljekki ösüş ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Işewür duşuşyga Palestina döwletiniň daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýanyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda bank ulgamynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty türkmen-palestin gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde görkezildi.
Mundan başga-da şu hepdäniň çäklerinde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank – Walter Ştaýnmaýer milli Liderimize hat ugratdylar. ABŞ-nyň Prezidenti öz hatynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürjekdiklerini, Germaniýanyň Prezidenti bolsa, öz gezeginde, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini, çünki muny möhüm hasaplaýandygyny belläp geçdi.
Mahlasy, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Şonuň üçin dünýä döwletleri Türkmenistan bilen özara bähbitli hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine ygrarly gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler.