BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi

125

27-nji few­ral­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de ýur­du­my­zyň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky He­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy­nyň we­kil­ha­na­sy­nyň, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösüş Mak­sat­na­ma­sy­nyň (UNDP), Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ilat gaz­na­sy­nyň (UNF­PA) hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ça­ga­lar Gaz­na­sy­nyň (UNICEF) Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­la­ry­nyň ara­syn­da res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kiş­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.
Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň we BMG-niň ara­syn­da yk­dy­sa­dy­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri hem-de beý­le­ki mö­hüm ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk bi­len bag­ly 26 sa­ny res­mi­na­ma gol çe­kil­di. Ola­ryň ara­syn­da 2023-2025-nji ýyl­lar üçin bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar we şu ýyl üçin iş me­ýil­na­ma­lar bar.
Bu res­mi­na­ma­la­ryň äh­li­si 2021-2025-nji ýyl­lar üçin BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len ozal gol çe­ki­len mak­sat­na­ma­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň mak­sat­la­ry­ny we we­zi­pe­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar.