27-nji few­ral­da Is­pa­ni­ýa­nyň Bar­se­lo­na şä­he­rin­de öz işi­ne baş­lan Mo­bil dün­ýä mas­la­ha­ty­na (MWC) dün­ýä­niň 200-den gow­rak ýur­dun­dan we se­bi­tin­den ýüz­ler­çe kom­pa­ni­ýa gat­na­şyp, soň­ky ha­ryt­la­ry­ny gör­kez­ýär. Hal­ka­ra ser­gä 80 müň myh­ma­nyň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Göz­den ge­çi­ri­li­şe esa­san teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry gat­na­şyp, iň soň­ky elekt­ron en­jam­la­ry­ny gör­kez­ýär. Ser­gi­niň gu­raý­jy­lar Azi­ýa ýurt­la­ryn­dan has köp kom­pa­ni­ýa­nyň we myh­ma­nyň gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Bu ýer­de mo­bil ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry bi­len bir ha­tar­da uç­ýan ulag­la­ry, dron­la­ry, mo­to­sikl­le­ri we beý­le­ki elekt­ron en­jam­la­ry gör­mek bol­ýar. Bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa bol­sa, tä­ze ha­ryt­la­ry­nyň ta­nyş­dy­ry­ly­şy­ny ser­gi­niň çäk­le­rin­de ama­la aşyr­ýar. “Ho­nor”, “Xiao­mi” we “OneP­lus” ýa­ly hy­taý brend­le­ri soň­ky çy­ka­ran smart­fo­nal­ry­ny köp­çü­li­ge gör­kez­di. Şeý­le hem ara­gat­na­şy­gyň has ýo­ka­ry tiz­lik­li gör­nüş­le­ri­ne de­giş­li teh­no­lo­gi­ýa­lar bar. 5G, hy­ýa­ly ha­ky­kat, eme­li aň, ma­li­ýe üçin tä­ze­çe çöz­güt­ler we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ýa­ly ugur­lar­da mas­la­hat­lar ge­çi­ril­ýär.
Şeý­le hem bu ýe­re ge­len myh­man­la­ry sa­gat­da­ky tiz­li­gi 1 müň 200 ki­lo­met­re ýet­jek de­mir ýol rel­si­niň üs­tün­de “uç­ýan” ulag, ro­bot luk­man­lar, eme­li aň bi­len üp­jün edi­len en­jam­lar, wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýän mo­toskl bi­len ta­nyş­ýar.

Ars­lan Aga­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.