28-nji fewralda ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinkeniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň çäginde Gazagystana ilkinji resmi saparyny amala aşyrdy. Astanada amerikan diplomatiýasynyň başlygyny Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew kabul etdi. Gepleşikleriň barşynda Gazagystanyň Prezidenti öz ýurdunyň ABŞ bilen strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi.
Tokaýew ABŞ-nyň Gazagystana umumy maýa goýumlary 62 milliard dollardan gowrakdygyny hem-de iň uly maýa goýujylardan biridigini aýtdy.
Astanada Blinken C5+1 toparynyň ministrler maslahatyna gatnaşdy. Maslahata Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. C5+1 toparynyň maslahaty ýurtlaryň arasyndaky ykdysady, energiýa, daşky gurşaw we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi. Maslahatyň barşynda Blinken ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada durup geçdi. Şeýle hem şol gün döwlet departamentiniň başlygy Daşkentde ýurduň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşyk geçirdi. 1-nji martda Blinken G20 ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Nýu-Delä uçar.