28-nji fewralda daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saudyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garaldy.

Ikitaraplaýyn çäreleriň meýilnamasy we gün tertibi, şeýle hem şu ýyl dürli derejelerde geçirilmegi meýilleşdirilýän özara saparlar ara alnyp maslahatlaşyldy.